Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, ýaş nesillerimiziň arasynda görelde mekdebi


Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, ýaş nesillerimiziň arasynda görelde mekdebi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, ýaş nesillerimiziň arasynda görelde mekdebi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby ählimiz üçin gymmatly gollanma bolup, türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşyna badalga bolup durýanlygy, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaby ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana söýgüsini artdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatlykdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.