Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda «Milliligiň gymmaty» atly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada çagalaryň arasynda «Milliligiň gymmaty» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Bu ajaýyp eseriň halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda gymmatly hazynadygy barada täsirli gürrüňler edildi.
Kitaphananyň hünärmenleri «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda bar bolan rowaýatlaryň, tymsallaryň birnäçesini bilesigeliji okyjylara okap berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.