Biz ertekileri okaýarys
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderäniň «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz ertekileri okaýarys» atly dabara geçirildi.
Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň saglygy we goraglylygy ugrunda alnyp barylýan beýik işler, şeýle-de tomusky dynç alyş günlerinde Gökdere jülgesinde rahat, asuda dynç alyp wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýän, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy hem-de döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin beýan etdiler.
Türkmen halk döredijiliginden, çagalar üçin birnäçe terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň okap berilmegi çagalarda has-da uly täsir galdyrdy. Şeýle-de bu ertekileriň halallyk, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat ahlagynyň gözelligi ýaşlara ruhy terbiýe bermekde uly mekdep bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabaranyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.