Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiz ähli toý baýramlarymyzyň bezegine öwrülendigi we häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa ganly bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýänligi barada gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.