“Bitaraplyk – mizemez binýat” atly dabara


“Bitaraplyk – mizemez binýat” atly dabara



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk – mizemez binýat” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda Watan mukaddesligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Bitarap Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 26 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy.
Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylarymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Sergide hormatly Prezidentimiziň “Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitaplary hem-de beýleki neşirler ýerleşdirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.