«Bitaraplyk bize berdi bu bagty»


«Bitaraplyk bize berdi bu bagty»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy 132-nji orta mekdepde şanly Bitaraplygymyzyň 25-ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk bize berdi bu bagty» ady bilen wagyz - nesihat çäresini geçirdi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygy, Hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyksöýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan ýurdumyzyň barha belent sepgitlere, abraý mertebesiniň has-da belende göterilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylarynyň bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşlerini wasp edýän goşgulary labyzly okap bermegi has-da täsirli boldy. Wagyz - nesihat çäresiniň ahrynda asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegine uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.