Ýurdumyzyň ylmy kuwwaty-berkararlygyň we abadançylygyň möhüm binýady
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Ýurdumyzyň ylmy kuwwaty-berkararlygyň we abadançylygyň möhüm binýady» atly maslahat geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň dowam edýän şu ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Eziz Watanymyz Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezi bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökminde älem ýüzüne ýaň salýar. Maslahatda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda biziň geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmeginde ylymly-bilimli, aň-düşünjeli, kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerinde beýik işler durmuşa ornaşdyrylýandygy, döwletiň we jemgyýetiň pajarlap ösmeginde ylmyň-bilimiň tutýan ornunyň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki günlerimizde ylmyň ýokary gazananlary netijesinde sanly ulgama geçmek we ýaşlaryň dürli dillerde bilim almaklary üçin dürli şertleriň döredilenligi barada belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň elimize gelip gowuşmagy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.