Dünýäme toý bolup gelen ýazlarym


Dünýäme toý bolup gelen ýazlarym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Baýramhan seýilgähinde «Dünýäme toý bolup gelen ýazlarym» ady bilen göçme sergi gurnaldy we baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen bellenilýän Milli bahar baýramy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýanlygy, bu baýramda milli tagamlarymyzyň dürli görnüşleri taýýarlanyp, bagtyýarlyga, parahatçylyga dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan baýramlaryň biridigini gürrüň berdiler.

Milli bahar baýramynyň geçirilýän günlerinde taýýarlanylýan tagamlar, berjaý edilýän däp-dessurlar barada aýratyn belläp geçdiler.