“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli geçirilen “Arkadagly Serdarymyzyň ak ýoly – bagtyýar ýaşlaryň nurly ykbaly” atly döredijilik duşuşygy


“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli geçirilen “Arkadagly Serdarymyzyň ak ýoly – bagtyýar ýaşlaryň nurly ykbaly” atly döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary bilen täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli “Arkadagly Serdarymyzyň ak ýoly – bagtyýar ýaşlaryň nurly ykbaly” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek ýaşlar üçin uly bagtdygy, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar ýaşlaryň ýurduna öwürmek babatda alyp barýan adyl syýasaty, ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, olara hormatly Prezidentimiz tarapyndan bildirilýän çäksiz ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşyga gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz bagtyýar çagalygy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.