Bitarap Türkmenistan sport giňişliginde


Bitarap Türkmenistan sport giňişliginde



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki 88-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda «Bitarap Türkmenistan sport giňişliginde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Dabarada Baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri barada kitaphana hünärmenleri gürrüň berdiler. Şeýle-de eziz diýarymyzda geljekki ýaş neslimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin bedenterbiýe we sport hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça uly aladalar edilýändigi barada aýtdylar. Çärede kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna sowgat beren, ajaýyp kitaplary barada giňişleýin wagyz etdiler. Dabaranyň dowamynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 – ýyllygyna bagyşlap kitaphananyň kitap gaznasyndan gurnalan sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphananyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.