“Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr”


“Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr” ady bilen göçme sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdymyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berlip bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Adamzadyň öňünde duran daşky gurşawy goramak babatdaky wajyp meseleleriň çözgüdini döwlet syýasatynda ileri tutýan hormatly Prezidentimiz islendik ugurlarda bolşy ýaly, daşky gurşawy goramak babatda hem halkara tagallalaryny birleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygyny üpjün etmegiň baş wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisi we asylly däpleri dowam etdirip geçirilen ýaşlar ýaşulylaryň gözegçiliginde öňki oturdylan agaçlara serenjam bermek işleri çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.