Nowruz – parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Nowruz – parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çärede çykyş edenler tebigatyň ynsana ruhubelentlik, şatlyk, jümle-jahana janlanyş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda Milli bahar baýramy döwlet derejesinde, ýurt asudalygynda, il agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda Milli bahar baýramyny ýatdan çykmajak öwüşgünlere besläp, mähriban halkymyza Berkarar döwletimiziň ajaýyp döwrümiziň eşretlerini görmäge, agzybirligimiziň joşgunyny dünýä ýaýmaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.