«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany»


«Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda gelip gowşan Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyna öz okyjylary bilen bilelikde kitap synyny geçirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň şanly Bitaraplyk baýramymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi ýüreklerimizi buýsançdan doldurdy. Kitapda ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, ilkinji nobatda, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýandygy we taryh üçin gysga bolan döwürde ýeten ösüşlerimizi beýan edilýär. Türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrylmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle ajaýyp kitaplary mähriban halkyna sowgat edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.