“Ady äleme dolan Beýik Pyragy”


“Ady äleme dolan Beýik Pyragy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ady äleme dolan Beýik Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen edebiýatynyň ägirtleri barada gürrüň edilende ilki bilen Magtymgulynyň döredijiligi öňe saýlanýanlygy hem-de türkmen halkynyň beýik şahyra aýratyn sarpa goýýandygy we onuň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri adamzat nesliniň kalbynda aýdymlara, nakyllara öwrülendigi, Akyldar şahyryň türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we Garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmeginde ägirt uly goşant goşandygy, halkymyzyň ruhy baýlygyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň şygryýet diwany dünýä edebiýatynyň, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň ösmeginde hem genji-hazyna bolup hyzmat edýändigi we Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwletiň meşhur edebiýat ussatlarynyň eserleriniň hatarynda hem mynasyp orun eýeleýändigi üçin onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girendigi barada täsirli gürrüň etdiler.