“Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebinde “Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy.
Watan daýanjy bolan ýaş nesli watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, ýokary aň-düşünjeli, maksada okgunly, ylyma-bilime we hünäre höwesli şahsyýetler edip terbiýelemek ugrunda edilýän işler barha rowaçlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilim almagyna giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem ýaşlary ylyma-bilime ugrukdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilde kitap okamaga höwes döretmek, olaryň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyny gazanmak üçin ýaşlaryň arasynda dürli wagyz-nesihat çäreleri geçirilip, dürli kitap sergileri gurnalýar.
Çärede gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, şeýle-de türkmen nusgawy şahyrlarynyň, häzirkizaman türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli bolmagy üçin taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.