“Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen Pyragy” atly söhbetdeşlik


“Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen Pyragy” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Arkadagly Watanymyň buýsanjy sen Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi hem-de giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

Söhbetdeşlige kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri dogrusynda, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti“, “Ile döwlet geler bolsa...“, “Medeniýet halkyň kalbydyr“, „Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy”, “Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplarynyň medeniýetimizi, sungatymyzy giňden wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda gymmatly çeşmeler bolup durýandygyny, Magtymguly Pyragynyň ýazan ajaýyp goşgulary hakynda belläp geçdiler.