«Merdana gerçeklere sarpa» atly döredijilik duşuşygy


«Merdana gerçeklere sarpa» atly döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda maý aýynyň 6-na Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Merdana gerçeklere sarpa» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watan mukaddesligi, Watan goragynda wepat bolan gerçekler şeýle-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken edermen türkmen Gerçekleri barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphanamyzyň gurnan «Merdana gerçeklere sarpa» atly göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda halkymyzyň beýik gerçeklerini, ýar ojagyny saklan ak saçly enelerimizi hormatlap, aýratyn üns bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.