“ Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym”


“ Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ” ýyly mynasybetli “Parahatçylyk ýoly bilen dünýä dolan Diýarym” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda parahatçylyk babatda gazanýlýan uly üstünlikleri, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary, ýurdymyzda uludan toýlanýan toý-baýramlary, diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent derejeleri şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ruhy çeşmeleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.