Myhman öz rysgaly bilen gelýär


Myhman öz rysgaly bilen gelýär

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýaş nesilleri myhmansöýüji we watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada çagalaryň arasynda «Myhman öz rysgaly bilen gelýär» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu eserde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýänligi barada aýratyn nygtaldy. Bu ajaýyp eseriň halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda gymmatly hazynalygy barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda bar bolan rowaýatlaryň, tymsallaryň birnäçesini bilesigeliji okyjylara okap berdiler. Aýratyn-da kitaphanaçy hünärmenimiz myhmana goýulýan sylag-hormat barada, bu ajaýyp kitapda aýdylan her-bir gyzyla gaplaýmaly sözleri çagalara okap berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň edepli bolmagynyň kadalaryna aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.