“Saglygym altyn täjim”


“Saglygym altyn täjim”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hormatly Prezidentimiziň saglyk we sport baradaky kitaplaryndan “Saglygym altyn täjim” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň diňe bir ýokary çeperçilik derejesi boýunça tapawutlanman eýsem halkymyzyň saglygyny berkitmekde we ony goramakda bahasyna ýetip bolmajak egsilmez çeşmedigi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde keselleriň öňüni almakda, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek barada her bir adamyň saglygynyň we sagdynlygynyň girewidigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny ileri tutýan, halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!