Nowruz geldi ilime


Nowruz geldi ilime

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasy bilen Indra Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ilime» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler gadymy döwürlerden bäri bahar pasly täzelenişiň nyşany, täze günüň, täze durmuşyň başlangyjy hasaplanýanlygyny, älem-jahanyň elwan güllere, röwşen reňklere beslenen günlerinde eziz diýarymyzda täzelenişiň täze işleriň, täze umytlaryň baýramy bolan Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni uly dabara bilen bellenilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.