“Bu gün adyň dünýä doldy Pyragy”


“Bu gün adyň dünýä doldy Pyragy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 76-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan “Bu gün adyň dünýä doldy Pyragy” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetýän döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen döwletiniň berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, agzybirlik, ata-enä hormat goýmak ýaly pikirler ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar. Sebäbi, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan her bir tutumly işler, Magtymguly Pyragynyň “Berkarar döwlet islärin”, “Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi” diýen setirleriniň amala aşýandygy şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň ýürekleriniň töründe orun almak bilen çäklenmän, dünýä edebiýatynda uly meşhurlyga eýe bolup, dünýä halklarynyň söýgüsini gazanandygyny öwran-öwran aýtdylar.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň okan goşgulary, ýerine ýetiren gysga görnüşli sahnalary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy bolan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döreden, ýurdumyzda ruhy gymmatlyklary hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.