Çagalaryň söýgüli şahyry


Çagalaryň söýgüli şahyry



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň ýazyjysy Hemra Şirow bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik duşuşygyny gurady. Bu döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň ýazyjy-şahyry H. Şirowyň ýazan birnäçe eserleri, goşgulary barada mekdep okuwçylaryna gyzykly gürrüňler berildi. Ýazyjynyň özi hem mekdep okuwçylaryna öz ýazan goşgularyndan hem-de ýaňyltmaçlaryndan aýdyp berdi, çagalar hem ýazyjynyň döreden goşgularynyň birnäçesini ýatdan aýdyp berdiler. Türkmenistanyň ýazyjy-şahyry H. Şirowyň döredijiligine bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.