“Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy”


“Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 85 nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen edebiýatyny, ylmyny ösdürmekde uly yz galdyran şahyrlarymyza, alymlarymyza uly sarpa goýulýandygy, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öňünde bütin dünýäniň baş egýändigini şeýle de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz eserleriniň üsti bilen milli mirasymyzy sarpalamagyň köňül nusgasyny görkezýandigi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290-ýyllygyna bagyşlap, Mähriban Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyny halkymyza sowgat edendigi barada şeýle-de, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenip geçiljekdigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda 4-nji çagalar sungat mekdebiniň “Ylham” bagşylar topary, hem-de 85-nji orta mekdebiň okuwçylary Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, onuň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, alkyş sözlerini aýtdylar.