Kitap – ruhy hazyna
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany » ýylynda biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden- ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmalaryny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasatynyň netijesinde berkarar Diýarymyz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň ykdysady we medeni gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
Ýurdumyzda ylym bilim, mähriban halkymyzyň milli däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýär. Bu ugurda döwlet syýasaty halkymyzyň ruhy baýlygyny berkitmäge, onuň intellectual mümkinçiliklerini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklary goramaga we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kitaphanalary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Akyl-paýhasy, dürdäne pikirleri, öňdebaryjy tejribeleri, täsinlikleri özünde jemleýän kitaplar adamzadyň ykbalynda mäkäm orun alýar. Aslynda kitapsyz ýaşamak, işlemek, hereket etmek asla mümkin däl. Çünki ähli zatlaryň açylan hem açylmadyk syrlaryny kitap öz altyn sahypalarynda saklaýar. Şeýle gyzyldan gymmatly hazynanyň ýerlikli saklanmagy we halkyň hyzmatyna goýulmagy üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde gurlan täze, döwrebap kitaphanalar hem bu aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda tutuş adamzat jemgyýetiniň arzylanmagy ýöne ýerden däldir. Romanda kitaba uly sarpa goýulýandygy aýratyn nygtalýar. Bu halkymyzyň kitaphon halkdygyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Janly rowaýat», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly dürdäne eserleri häzirki wagtda ähli halkymyzyň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyz kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän ornuna ýokary baha berýär. Häzirki wagtda kitaphanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Berkarar Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynda oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli başlangyçlaryndan kemal tapýar. Kitap ruhy baýlygyň gözbaşy, kämilligiň açary hasaplanylýar. Ýurdumyzda çuň many-mazmun dürlerini sahypalarynda saklaýan kitaplary özünde jemleýän kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, elektron kitaphanalary döretmek, kitap üpjünçiligini ýokarlandyrmak babatda gysga döwrüň içinde möhüm işler üstünlikli berjaý edildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatdyr etraplarynda, gözel paýtagtymyz Aşgabatda täze döwrebap kitaphanalaryň täze binalarynyň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, olaryň ählisiniň hem iň kämil tehnologiýalar, dürli mowzukdaky kitaplar bilen üpjün edilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrdy. Goý, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent maksatlary rowaç alsyn!
Tawus GURBANOWA