Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň bagtyýar ýaşlary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa eýlenen şahyrana döredijiligi hem-de berkarar döwleti arzuw eden türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýändikleri barada gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňky ýyllarda ýetilen belent sepgitleri, ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri barada, şeýle-de, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda talyplar öz ata Watanyna, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan söýgülerini, buýsançlaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler we Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.