Bu ajap dünýäni juwana öwrüp, ýene geldiňmi sen, elwan baharym!


Bu ajap dünýäni juwana öwrüp, ýene geldiňmi sen, elwan baharym!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bu ajap dünýäni juwana öwrüp, ýene geldiňmi sen, elwan baharym!» ady bilen Milli Bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler täze ýylyň, täze günüň, ynsanperwerligiň, gözelligiň, dost-doganlygyň baýramy bolan Milli Bahar baýramy, Halkara Nowruz güni barada giňişleýin söhbet etdiler. Nowruz baýramy biziň şöhratly taryhymyzda iň bir ajaýyp baýramlaryň biri bolup, nesilden-nesile geçip gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ajaýyp baýram has hem uly dabaralara beslenip geçilýär.

Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagş eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.