«Arkadagly nesiller»


«Arkadagly nesiller»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 28-ne Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagly nesiller» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bu merkezde dynç alýan çagalar bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň ýaş nesilleriň watansöýüji, halal, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Olar sergide ýerleşdirilen kitaplary uly gyzyklanma bilen okadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň gowy dynç almagy şeýle-de kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.