“Kitap bilimler çeşmesidir”


“Kitap bilimler çeşmesidir”



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly ýylynda aprel aýynyň 12-ne Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdep bilen bilelikde “Kitap bilimler çeşmesidir” atly täze gelen kitaplar hakynda gürrüňdeşlik geçirildi. Bu çärämize 3-4-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Mähriban Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň ýaş nesiller üçin döredip berýän mümkinçilikleri şeýle hem bimöçber tagallalary dogrusynda söhbet edildi. Mundan başgada çäramiziň dowamynda biziň kitaphanamyza Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan we “Galkynyş merkezinden” täze gelen kitaplar kiçi ýaşly okyjylara niýetlenen ertekiler we uly ýaşly okyjylara bolsa çeper eserler we owadan bezegli kitap albomy ýaly kitaplar okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Täze gelen kitaplar bilen okyjylaryň arasynda tanyşdyryş dabarasyny geçirdik we täze gelen kitaplar bilen sergi gurnaldy.
Ata-babalarymyzyň kitaby Watan, ene, saçak mukaddesligi deýin eý görendigini, ony mydama aýap saklamalydygyny ýaş okyjylarymyza maslahat berildi.
Çärämiziň soňunda Hormatly Prezidentimize uzak ýaş, jan-saglyk il bähbitli tutumly işleri rowaçlara beslenmegine arzuw edildi.