“Arkadagymyzyň täze kitaplary halkymyzyň ruhy täji”


“Arkadagymyzyň täze kitaplary halkymyzyň ruhy täji”



Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 116-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagymyzyň täze kitaplary halkymyzyň ruhy täji” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygyny, bu ajaýyp eserleriniň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiziň bardygyny kitaphana hünärmenlerimiz wagyz-nesihat etdiler. Şeýle-de ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýändigini, kitap ynsanyň ýakyn syrdaşydygyny, ynsan köp okadygyça, dünýägaraýşynyň giňeýändigini, ruhy baýlygyny artdyrýandygyny, akyl-paýhasa ýugrulan eserler ömrüňde dogry ýola düşmäge, durmuşda mynasyp ornuny saýlamagyňa esasdygyny giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden rowaýatdyr-tymsallar okaldy we gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryndan sergi gurnaldy we hormatly Prezidentimiziň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.