“Göwünleri galkyndyran goşa toý”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Göwünleri galkyndyran goşa toý” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi, Garaşsyz Diýarymyzda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler, äleme ýaň salan wakalar kalbyňy buýsançdan doldurýanlygy, milli medeniýetimiziň gülläp ösýän ýurdunda eziz Watanymyzda medeniýet we sungat işgärleri baradaky aladalarynyň geriminiň artýanlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň senasyna öwrülip, ýüreklerde baky ýaşaýanlygy we şahyryň danalyga, pähim-parasada ýugrulan şahyrana dünýäsi türkmeni, türkmen şygyryýetini dünýä tanadanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy uly ösüşler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.