Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasydyr


Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde «Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasydyr» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.

Göçme sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýan kitaplaryna öwrülen eserleriniň, many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti, türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, Watana wepalylygy, päk ahlaklylygy ýaly düşünjeleri rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen açylyp görkezilýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ýaş nesiller üçin aýratyn gymmatly hazynalygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä ýurtlarynyň hem edebiýatyna we sungatyna uly täsiriniň bardygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Göçme serginiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz tarapyndan guralan göçme kitap sergisinde Magtymguly Pyragynyň ýaşlarda Watançylyk, gaýduwsyzlyk, dogruçyllyk we adyllyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýän eserleri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredenligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Göçme serginiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.