“Garaşsyzlyk – baky bagtym buýsanjym”


“Garaşsyzlyk – baky bagtym buýsanjym”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy 37-nji orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – baky bagtym buýsanjym” ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi.

Çärede Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydygyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň millete erkana ýaşamaga, tebigy baýlyklaryna, milli gymmatlyklaryna eýe bolmaga mümkinçilik berendigi barada gürrüň edildi. Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň hasyl bolup agzybirlik, bitewilik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini hem-de eziz döwletimiz halkymyzyň ençeme ýyllap arzuw eden bagtyna Garaşsyzlygyna, özbaşdaklygyna eýe bolup, Garaşsyzlyk halkymyzyň ýüz ýyllyklaryň dowamynda kalbynda göteren arzuwydygy barada belläp geçdiler. Mekdebiň okuwçylary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary hem-de joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.