Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy täji


Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy täji

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – türkmeniň ruhy täji» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren watançylyk, mertlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ahlaklylyk ýaly dürli meseleler bilen bagly garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanşykly uly işleriň amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim – paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary ýaşlary halal zähmete, ruhlandyrýanlygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.