“Ertekiler dünýäsine syýahat”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy Gökderedäki “Dermirýolçy” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň gowy dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirmekleri, olaryň beden taýdan sagdyn, aň-düşünjeli bolup kemala gelmekleri üçin beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň çar ýanynda, obadyr şäherlerinde ulanylmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri bu günki gün çagalara gapylaryny giňden açyp, birek-birek bilen dostlaşyp, ýakyndan tanşyp, wagtlaryny gyzykly geçirýän çagalaryň dynç alyş merkezlerinde aýratyn üns-alada bilen gurşalmagynyň özi-de olar hakyndaky aladanyň netijesidigi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekiler kitabynyň içindäki gahrymanlar esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.