“Ak şäherim – Aşgabat” atly gürrüňdeşlik geçirildi


“Ak şäherim – Aşgabat” atly gürrüňdeşlik geçirildi



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan “Aşgabat” seýilgähinde öz okyjylary bilen “Ak şäherim – Aşgabat” atly gürrüňdeşlik geçirdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler.
Şeýle-de “Aşgabat” seýilgähine gezelenç etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby hem-de paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän dürli kitaplar ýerleşdirildi. Körpeje okyjylarymyz ol kitaplary uly höwes bilen okadylar.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.