«Sagdynlygyň watany sen, Bitarap Türkmenistan»


«Sagdynlygyň watany sen, Bitarap Türkmenistan»



Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdebi bilen bilelikde «Sagdynlygyň watany sen, Bitarap Türkmenistan» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygy üçin, geljekde ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin edilýän atalyk aladalar hakynda kitaphanaçylar hem-de mugallymlar täsirli gürrüň etdiler.

Okuwçylaryň ýurdumyzyň sport abraýyny gorap gazanan üstünlikleri hakynda eden çykyşlary has-da täsirli boldy.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda halkynyň saglygy üçin gijesini-gündiz edip işleýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagy, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.