“Arkadag Serdarly ýurduň geljegi ýaşlar”


“Arkadag Serdarly ýurduň geljegi ýaşlar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň gurnamagynda “Arkadag Serdarly ýurduň geljegi ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Biz bagtyýar ýaşlar hormatly Prezidentimiziň “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen sözleri bagtyýar ýaşlarymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi.

Şeýle taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýandygy, olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellemäge mynasypdygy hem-de ýaşlaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde hem işleri döwrebap alyp barmakda uly ynam bildirilýandigi barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!