«Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany»
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem bu baýramçylyk mynasybetli «Türkmenistan – behişdi bedewleriň mekany» atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler bedewlere berilýän ünsüň uludygyny, şeýle–de hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň döwrebap atçylyk toplumlaryna ýygy-ýygydan baryp durýanlygyny, atlar bilen didarlaşýanlygyny, mundan başga-da atlaryň owadanlygyny, syzgyrlygyny aýdyp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda bedewler baradaky rowaýatlar hem aýdylyp, ol diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Şeýle-de kino sungatynda atlaryň ähmiýeti dogrusynda hem gyzykly maglumatlar gürrüň berildi. Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli bibliografiýa bölümi tarapyndan «Türkmen bedewi – milli buýsanjymyz» atly bibliografik görkezijisi (2008-2020ý) taýýarlanyldy we ol barada giňişleýin gürrüň edildi.