Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy - halkymyzyň mizemez gymmatlygy


Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy - halkymyzyň mizemez gymmatlygy

Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy - halkymyzyň mizemez gymmatlygy» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi ýurduň syýasy ösüşinde täze bir eýýam döretdi. Türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk ideallaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýan Watanyň ýaşyl baýdagy çuňňur taryhy köklere eýedir.

Konstitusiýa we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň her ýyl bellenmegi raýatlaryň we esasanam, ýaşlaryň arasynda konstitusion gymmatlyklary döretmäge hem ýaýratmaga gönükdirilendir.

Çäräniň ahyrynda eşretli zamanany bize peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.