“Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy”


“Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 54-nji orta mekdepde “Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy” ady bilen wagyz - nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz ýene-de bir naýbaşy baýramçylygymyz bolan Halkara Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk toýuny uly şatlyk-şowhun, belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Çärede Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen eziz Diýarymyzyň ösüşleri-özgertmeleri dogrusunda çuň manyly sözler sözlendi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” atly dürdäne eseri dogrusunda özara pikir alyşyldy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.