“Ajaýyp duýgularyñ öwüşgini” atly suratkeş Ýarly Baýramowyñ doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik


“Ajaýyp duýgularyñ öwüşgini” atly suratkeş Ýarly Baýramowyñ doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde suratkeş Ýarly Baýramowyñ doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap, “Ajaýyp duýgularyñ öwüşgini” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip, dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de ussat suratkeşiň döredijilik dünýäsiniň inçe syrlary barada hem täsirli gürrüňler edildi. Ýarly Baýramowyň ajaýyp zehininden dörän ençeme suratlar, olaryň reňk öwüşgini, gözelligi hem-de aňladýan manysy barada hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berdiler.

Gurnalan göçme kitap sergisi hem sungaty söýüji ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sungatymyzda yz goýan ussatlaryň ömri we döredijiligini has giňişleýin öwrenmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.