Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy


Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz ýurdumyzyň ösüşleri bilen baglanyşykly buýsançly wakalaryň şaýady bolýan ajaýyp günlerde Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň okyjylar köpçüligine gowuşmagy ähli türkmen halkyny döredijilikli zähmete ruhlandyrdy. Çärede Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly, türkmençilikde edim-gylymlary, milli ýörelgeler, olaryň durmuşymyzda tutýan orny, hem-de ýaş nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy üçin indiki edilmeli işler barada garaýyşlaryny okyjylar bilen paýlaşýandygy şeýle-de eserde Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde tutýan ornuna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň esasy binýady bolan hemişelik Bitaraplygymyza hem mynasyp orun berilendigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyň “Ýaşaýyş medeniýeti” atly birinji babynda ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçlaryna üýtgewsiz eýerip, halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigi nygtalyp geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan gurnalan sergi hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryndan gurnalan sergiler çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda halkyny ajaýyp kitaplary bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti bolmagyny, beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.