Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy


Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly kitap sergi gurnady.

Kitap sergini görmäge gelen okyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden bellenilýär. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip belläp geçdiler.

Kitaphana işgärleri: «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň baý many-mazmunyny we Magtymguly Pyragynyň döredijiligini okyjylaryň arasynda wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys!» diýip alkyş aýtdylar.