“Türkmen milli oýunlarynyň çagalary terbiýelemekdäki ähmiýeti”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Sport we Ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen milli oýunlarynyň çagalary terbiýelemekdäki ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlik bagtyýar zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesillerde milliligi, milli oýunlarymyzy wagyz edip, kitaba bolan höwesini artdyryp, olaryň ukyp başarnyklarynyň ýiti bolmagyna uly ähmiýet berýändigi şeýle-de kitaplaryň üsti bilen millilige aralaşyp, gadym eýýamlardan gelýän milli oýunlary bu günki ýaşlara wagyz edip, olarda ýiti ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaga uly goldaw bolýan ýaş nesiliň sagdyn bedenli, ýiti zehinli, ukyply bolmaklary üçin alynyp barylýan işleriň aýdyň nyşanydygny bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda tomus paslynyň dowam edýän pursatlarynda paýtagtymyzda ýerleşýän suw toplumlarydyr, dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýändiklerini belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Ösüp gelýän ýaş nesiller hakdaky aladany ähli zatdan ýokary tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdyp, janynyň sag ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.