“Ertekiler dünýäsi – jadyly dünýä”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Ertekiler dünýäsi – jadyly dünýä” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşligiň başynda türkmen halk ertekileri we olaryň gahrymanlary çagalaryň halaýan, gyzyklanyp okaýan ertekili kitaplary barada gürrüň berdiler. Her bir ertekili kitabyň baş gahrymany, ýaşajyk okyjyda uly täsir galdyrýar. Türkmen halk ertekilerindäki “Akpamyk”, “Görogly”, “Ýartygulak”, “Böwenjik”, ýaly kitaplar çagalaryň uly söýgüsini gazanan. Olardaky terbiýeçilik äheňi hem örän uly orun eýeleýär. Gürrüňiň dowamynda çagalar ertekilerden öz aralarynda örän manyly we täsirli okap, gyzykly pikir alyşdylar we soňra kim näçe erteki okanlygy barada, haýsy eretekileri ýatdan bilýändikleri barada gyzykly
sorag-jogaplar alyşdylar. Bu ýerde dynç alýan çagalaryň aňynda hem bu kitaplaryň üsti bilen ula hormat, kiçä söýgi, edepli bolmak, dogry sözlemek ýaly gürrüňler, duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar.
Gürrüňiň ahyrynda çagalar üçin uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.