“Tebigat biziň öýümizdir” ady bilen çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik.
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda Daşky gurşawy goramagyň halkara güni mynasybetli tebigat bilen baglanyşykly tapmaçalar, matallar esasynda bäsleşik geçirdi. Şeýle-de daşky gurşawy aýawly saklamak, agaçlara, ösümliklere zyýan ýetirmezlik barada çagalar bilen täsirli gürrüňdeşlik geçirildi. Ata-babalarymyzdan miras galan “Bir nahal ekseň, ömrüň bakydyr” diýen setirlere eýerip, bag ekmegiň ähmiýeti barada hem özara sorag-jogap alyşdylar. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, gowy dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.