Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenanlara goýulýan sarpa


Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenanlara goýulýan sarpa

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenanlara goýulýan sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi, edep-terbiýe, ahlaklylyk, päk-söýgi, mertlik, watançylyk we türkmen halkymyzyň mährem enelerine, zenanlaryna goýulýan sylag sarpa, ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelerimizde zenanlaryň ojaklarynyň söýesidigi, ömrümiziň görki, dillerimiziň senasy, mähriban gelin-gyzlarymyzyň waspy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Magtymguly Pyragynyň umumy adamzat gymmatlygy derejesine eýe bolan pikir garaýyşlaryny jemgyýetimiziň ruhy binýadyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!