Watan goragy mukaddesdir


Watan goragy mukaddesdir



2020-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp “Watan goragy mukaddesdir” atly dabaraly çäre geçirildi.

Onda Daşoguz serhet birikmesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Şatlyk Ataşow,Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Kakyş Gulmyradow, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri Tirkeş Hümmiýew, Daşoguz serhet birikmesiniň serkerdesi Atajan Bazarow, serhet birikmesiniň uly seržanty Dursunjemal Begjaýewa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow dagylar çykyş edip, Watan goragçylaryny baýramçylyk bilen gyzgyn gutladylar, Hormatly Prezidentimize Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda üstünlikler arzuw etdiler.