«Çeper eliň hünäri, haýran edýär dünýäni»


«Çeper eliň hünäri, haýran edýär dünýäni»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminde ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow» adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çeper eliň hünäri, haýran edýär dünýäni» atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda bu merkezde dynç alýan gyzjagazlar el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara türkmeniň nepis halylary, olaryň gadymylygy, dokalyş aýratynlygy, gölleriniň aňladýan many-mazmuny barada täsirli gürrüňler berdiler. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.